Täsinlikler dünýäsinde

5 Oktýabr 2022
2524

«Moskwa Güneşi»

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Ýewropanyň iň uly synlaýyş aýlaw desgasy açyldy. «Moskwa Güneşi» diýlip atlandyrylýan bu desganyň beýikligi 140 metre barabardyr. Synlaýyş desgasynyň 30  sany kejebesi bolup, ol bir aýlaw edende 450 adamy guşuçar belentliginden şäheriň gözellikleri bilen tanyşdyrýar. Synlaýyş desgasynyň bir aýlaw etmegi üçin 19 minuda golaý wagt gerek bolýar. Synlaýyş desgasy şäheriň iň köp gelim-gidimli «Zarýadýe» seýilgähinde açyldy. Ol özünden öňki Ýewropa sebitiniň iň uly synlaýyş desgasy bolan «Londonyň gözi» synlaýyş desgasyndan 5  metr beýikdir. Aýtmaklaryna görä, Moskwadaky synlaýyş desgasynyň çür depesinden 48  kilometre çenli giňişlik göz öňünde açylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
žurnalist.