«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022
Sagdyn ýaşaýyş üçin hereketiň zerurdygyny hemmämiz bilýän bolsak gerek. Emma adamyň nerw-damar ulgamlarynyň kadaly ýagdaýda bolmagy beýniniň dynç almagy üçin diňe bir hereket ýeterlik bolman, eýsem peýdaly daşky täsirler hem gerek. «Ýakymly owazlaryň şypa beriji täsiri bardyr» diýlişi ýaly, sazyň adama ýetirýän oňyn täsiri alymlar tarapyndan tassyklanan. «Gaty» hem-de «ýuwaş» diýen iki sözüň birikmeginden emele gelen fortepiano hem şeýle täsirleri özünde jemleýän saz guralydyr. Başgaça, «10 barmagyň hünäri» diýlip atlandyrylýan fortepianoda adamyň 10 barmagy-da deň derejede hereket edýär. Ynsan bedenini taplamakda bu saz guralynyň täsiri barada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy Şemşat Amannepesowanyň pikirlerini diňläliň!