«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022
Häzirki döwürde sport adamzadyň durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ol käbirlerimiz üçin tomaşa, wagtyňy şatlykly geçirmek üçin güýmenje bolsa käbirlerimiz üçin hünärdir. Dünýäde sporty öz kesp-hünärine öwren türgenleriň ýa-da onuň bilen meşgullanýan höwesjeňleriň, şeýle-de janköýerlik edýänleriň sany juda köpdür.