Owazasy dünýä dolan Awaza

17 Iýun 2022
1493

Ynsan hemişe gözelligiň teşnesi. Bu günki gün dünýäniň jahankeşdeleriniň ünsüni özünde jemleýän Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny şeýle gözellikleriň hatarynda nusgalyk diýip, buýsanç bilen görkezip bileris. Bu ýerde gurlan gözelden-gözel sagaldyş we dynç alyş merkezleri, myhmanhanalar, seýilgähler, sport desgalary... sapaly hem şypaly tomsuň häzirki günlerinde myhmanlary gujak açyp garşylaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Awazanyň adyny eşitmedik Ýer ýüzünde ýokdur diýsek, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen gözellikleri, adamlaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin üpjün edilen dünýäniň iň ýokary hil derejesindäki oňaýlyklary birin-birin sanap gutarar ýaly däl. Bu ýerde birbada ençeme müň syýahatçyny kabul etmäge we olara dünýäniň iň ýokary hil ülňülerine laýyklykda hyzmatlary etmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň türkmen kenarynyň tebigatynyň, howasynyň, ösümlik dünýäsiniň ekologiýa taýdan arassalygy, mikroelementlere baýdygy, tebigy bejeriş häsiýetine eýedigi bilen tapawutlanýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ogulnäzik ISENOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.