Gözelligiň göwheri

17 Maý 2022
1606

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tebigy aýratynlyklary, ykdysady mümkinçilikleri hem gaýtalanmajak gözelligi bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz 6-njy maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli ýolbaşçylara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalara we dynç alyş-sagaldyş merkezlerine, beýleki şypahanalara, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş merkezlerine seretmegi tabşyrdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlar üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksatlarynda Awazada dynç almagyň tertibi we käbir guramaçylyk wezipeleri kesgitlenendir.

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has-da amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli görkezmeleri berdi. Bu zolakda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi. Şu ýylyň 15-nji maýyndan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi açyldy. Bu ýerdäki tomusky dynç alyş möwsümi ýörite Dolandyryş merkezi arkaly dolandyrylýar. Awazada dynç almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk üçin elektron rugsatnama resmileşdirmelidirler. Bu hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda ýola goýuldy. Rugsatnamany almak üçin saýtda bellige alynmak, şahsy maglumatlaryňy girizmek, dynç almagy meýilleşdirýän myhmanhanynyň adyny we dynç alşyň möhletini görkezmek zerurdyr. Bu maglumatlar girizilenden soňra, olar migrasiýa gullugy tarapyndan seljerilýär we elektron rugsatnama şahsy otagyňyza iberilýär. Şeýle hem Awazada dynç almak üçin ýollanma we elektron rugsatnamadan başga-da, koronawirus ýokanjyna garşy waksinasiýa geçirilendigi hakynda resminama zerurdyr.

Eziz AMANMYRADOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.