Smartfonyň täze ýyldyzy

26 Ýanwar 2022
2266

«Samsung» tehnologiýa kompaniýasy indi köp ýyllardan bäri özüniň «Galaxy S» görnüşli smartfonlary bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanýar. Kompaniýa bu görnüşli smartfonlarynyň täze «S 22» diýlip atlandyryljak görnüşini şu ýylyň fewral aýynyň birinji ongünlüginden satuwa goýbermegi meýilleşdirýär. Edil öňküler ýaly, täze smartfonlar üç görnüşde «Samsung Galaxy S22», «Galaxy S22+» we «Galaxy S22 Ultra» ady bilen öndüriler. «Galaxy S22 Ultra» görnüşi öndürilmegi bes edilen «Galaxy Note» smartfonlary ýaly özünde elektron galamy bar we ol daşky bezeg babatda hem meňzeşdir. Bu smartfonlaryň ýadynyň göwrümi 128 GB — 1 TB aralykda bolar. Kompaniýa eýýäm ýewropaly müşderilerden sargytlary kabul edip başlady.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.