Segsen ýaşly futbolçy

14 Ýanwar 2022
800

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021

Baýram Gutlyýewiň ömrüni futbolsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin ýaşyl meýdança onuň gününiň köp bölegini geçirýän ýeri. Ol bu ýerde özüni edil öz öýündäki ýaly rahat duýýandygyny aýdýar. Şonuň üçin halypany, köplenç, şol ýerde – futbol meýdanynda, çagalara kä hüjümdir goragy, käte derwezeçi oglanjyga nirede, nähili durmalydygyny öwredip duran ýagdaýda görmek bolýar. Bir görseňem, ol çagalara nämedir bir zady janygyp düşündirip durandyr. Şonda halypa futbol meýdanyna girip, topy derwezä tarap özi alyp gidäýjek ýaly görünýär. Ony hemmeler manyly ömrüni futbola bagyş eden, ýaşy bir çene baryberse-de, işe juwanlyk hyjuwy bilen ýapyşýan kiçigöwünli adam hökmünde tanaýar.