Žurnalistika we psihologiýa

14 Ýanwar 2022
598

Žurnalistika psihologiýa ylmy bilen berk baglanyşyklydyr. Halkyň aýratyn alnan şahsyýetiniň psihologiýasynyň wakanyň dowam edýän ýeriniň ýagdaýy bilen sazlaşygyny gazanmak žurnalistiň üns merkezinde bolmaly.

Žurnalist jemgyýetiň, wakanyň, adamlaryň psihologiýasyny we olaryň öz döreden tekstine bolan gatnaşygyny öwrenmezden, kämil eser döredip bilmez. Žurnalistiň öwrenýän we beýan edýän pikir ýordumy onuň obýektiniň psihologiýasyna baglylykda ýüze çykýar. Netijede, žurnalistikada adamlaryň häsiýeti we olar bilen gatnaşyklaryň psihologik aýratynlyklary esasy meseleleriň biridir.

Oguljennet JUMALYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.