Asuda asmany nazarlap

12 Ýanwar 2022
2171

Buýsandyryjy bina

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde ýerleşýän Halkara howa menzili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 23-üne açyldy. Bu halkara howa menzilini «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy bina etdi. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredilendir. Binanyň beýikligi 31,7 metre, umumy tutýan meýdany 2 müň 221 inedördül metre barabar. Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe şöhlelerinden goraglylyga eýedir. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ikinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, ýolagçylaryň we olary ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merjen ORAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.