Dünýäniň şäherlerinde

5 Ýanwar 2022
2153

Aýazly gyş höküm sürýär

Kanada. Täze ýylyň garşylanýan günlerinde gyşa mahsus ak gar we biraz hem sowuk howa bolsa baýramçylygyň öwüşgini has-da başgaça bolaýjak ýaly. Baýramçylyk günlerinde bu ýagdaý kanadalylara artygy bilen nesip etdi. Ýagny, Kanada döwletiniň demirgazyk we günbatar sebitlerindäki şäherleri Täze ýylyň bosagasynda rekord derejedäki aýazly sowugy başdan geçirdi. Bu sebitdäki Wankuwer şäherinde soňky 50 ýylyň içinde iň sowuk dereje hasaba alyndy. Has takygy, bu sebitde howanyň temperaturasy minus 55 gradusdan geçdi. Howa maglumaty boýunça gulluklaryň berýän maglumatyna görä, adatdan daşary sowuga Arktikadan öwüsýän sowuk şemal akymy täsir edýär.

«Aşgabat».