Sport – ösüş

23 Noýabr 2021
1534

Ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaş oglan-gyzlaryň mümkin boldugyça örän köpsanlysynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegi sporty ösdürmek strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetde berkarar edilmeginiň baş maksadyna öwrüldi. Çünki ýaş nesilleri beden taýdan ösdürmegiň usullaryny «uzak wagtyň dowamynda täsir edýän terbiýe» diýip, ýöne ýerden atlandyrmaýarlar, sebäbi bu terbiýe diňe bir türgeni, şahsyýeti däl, eýsem-de, jemgyýeti kemala getirýär. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň Bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy, halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmagy Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýynyň barha artýandygyna anyk şaýatlyk edýär.

Goý, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwren, sporta höwesek ýaşlarymyzyň ussat türgenler bolup ýetişmegi üçin alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan halkara başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.