Dostlukly ýurduň paýtagty Nur-Sultan

25 Oktýabr 2021
2565

«Baýterek» gözellikleri görkezýär

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň merkezinde şäheriň özboluşly nyşanyna öwrülen syn ediş meýdançaly ajaýyp diň ýerleşýär. «Baýterek» diýlip atlandyrylýan bu diňiň beýikligi 105 metre deň bolup, onuň belentliginden şäheriň gözel görnüşine syn etmek bolýar. Gurluşygy 2002-nji ýylda tamamlanan syn ediş diňi şäheriň esaslandyrylmagynyň nyşany hökmünde paýtagtyň taryhynda esasy orny eýeleýär. Şeýle hem, binanyň düzüminde dynç alyş ýerleri, kafe, bar we sowgatlyk dükany bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».