Meşhur kitaphanalar

20 Oktýabr 2021
2669

Ruhy hazyna

Ýurdumyzda ilkinji Döwlet kitaphanasy 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda açylypdyr. Onuň ady dürli döwürlerde üýtgäp geldi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diýlip atlandyrylyp gelinýär. Bu ýerde birwagtyň özünde 1100-e golaý okyjyny kabul etmek, 6 milliondan gowrak neşirleri aýawly saklamak üçin mümkinçilikler döredilen. Kitaphananyň hazynasy 5 million 600 müňden gowrak neşirden ybarat bolup, onuň düzüminde neşirleri toplaýyş bölümi, milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi bar. Şeýle hem, hyzmat ediş, ylmy-habar beriş we sowal-jogap, daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar, oba hojalyk edebiýatlary, seýrek neşirler, sungat, patent-tehniki edebiýatlar, medeni köpçülik işler, kitaphana abonementi, ylmy-usuly, bibliografiýa, kitap saklamak, metbugat neşirlerini abatlaýyş we jiltleýiş, kitaphana işine tehniki hyzmat ediş, Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyrmak ýaly bölümler hereket edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.