«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany

11 Oktýabr 2021
2537

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uly toý tutumlaryna beslenýän günlerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy.

Neşiriň ilkinji sahypalary žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýew bilen «Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Ýüzbaşyýewanyň «Garaşsyzlyk — halkymyzyň owazy» makalasy bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitleri, mineral çig mal binýady, ýangyç-energetika senagatynyň kuwwaty barada söhbet açylýar.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».