Hyzmatdaşlygy ösdürmekde syýahatçylygyň ähmiýeti

20 Awgust 2021
1380

Melhem hem şypaly suwly, arassa howaly Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bu ýerde uly syýahatçylyk düzümi emele geldi. Awazada dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin ähli mümkinçilikleriň hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawyň döredilmegi onuň halkara ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýakynda bolsa bu ýerde sebit ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi Hazaryň dostlugyň hem ylalaşygyň deňzidigini ýene bir gezek görkezdi. 

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu babatdaky mümkinçilikleri doly derejede ulanmak, syýahatçylygyň möhüm ugurlaryny ösdürmek babatynda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilip, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Awazada geçirilen çärelerde hem taraplar beýleki ugurlar bilen bir hatarda, syýahatçylykda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ýazmyrat GÖDEKOW,
welaýat döwlet notarial edarasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.