Hazar deňzi — täsin ekoulgam

10 Awgust 2021
1560

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň ählisinde hem ekologiýa ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy örän guwandyryjydyr.

Ýurdumyzyň ekoulgamynda Hazar deňzine aýratyn orun degişlidir. Bu deňiz ummasyz gazylyp alynýan tebigy baýlyklary, gaýtalanmaýan, özboluşly ösümlik we endemik haýwanat dünýäsini özünde jemleýän dünýäde ýapyk iri suw howdany hökmünde häsiýetlendirilýär. Meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, uzynlygy 1200 kilometre, ortaça ini 320 kilometre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 6,5 müň kilometre barabar bolan Hazar deňzine bäş sany döwlet ýanaşýar: Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Russiýa Federasiýasy. Hemişe agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga gadyr goýýan halkymyz goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen hem netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.