Ruhubelentlige beslendi

15 Iýul 2021
2132

Häzirki günlerde gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde bagtyýar körpeler dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde sapaly dynç alyp, wagtyny şadyýan geçirýärler. Ol ýerlerde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşup, olaryň wagtynyň peýdaly ugra gönükmegi üçin dürli çäreleriň geçirilmegi geljegimiz bolan ýaş nesilleriň başarnyklarynyň artmagyna ýardam edýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşikleriň maksady ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini, sporta hem-de döredijilige bolan höwesini artdyrmagy gazanmakdan ybarat boldy.

Rüstem MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary. SURATLARDA: bäsleşiklerden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.