Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

15 Iýun 2021
1692

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär.

Tebigaty söýmek, ony goramak her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar. Tomus paslynda howanyň yssy bolmagy bilen meýdandaky ot-çöpler gurap başlaýar. Bu bolsa, tebigatda ýangyn ýüze çykmak howpuny döredýär. Şoňa görä-de, gözel tebigatymyzda adamlaryň köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ýangyn hadysasynyň ýüze çykmasynyň öňüni almak wajyp wezipedir.

Merdan BAÝRAMGELDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 209-njy Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.