Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasy

4 Iýun 2021
1669

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek boýunça çuňňur ylmy binýada esaslanýan işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem milli ykdysadyýetimiziň senagat, oba hojalyk pudaklaryndaky işler barha giň gerime eýe bolýar.

Häzirki döwürde oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň möhüm ulgamlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýy köp derejede ekologiýa durnuklylygynyň ösüşine baglydyr. Bular bilen baglylykda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny ugur edinýän döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişinde daşky gurşawy goramagyň, ony dolandyrmagyň hem-de ekoulgam hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň we hojalygy dolandyrmagyň düşewüntli usullarynyň ornaşdyrylmagyna, içerki we daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Meýlis ALLAMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.