Tebigat — bahasyz baýlyk

31 Maý 2021
1813

Ýakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi we «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan bu goraghananyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen çärä jemgyýetiň işgärleri we goraghananyň wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýyl bu goraghananyň döredilenine 35 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň iň beýik gerşini goýnunda saklap oturan we iňňän baý ösümlik, haýwanat dünýäsi bolan Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny goramak maksady bilen döredilen goraghanada 2000-nji ýyldan bäri ýöriteleşdirilen muzeý işläp gelýär. Okuw maslahaty öz işine, ine, şol muzeýden başlady.

Sähra SAÝDALIÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.