Ussat bagbanlaryň bäsleşigi

28 Maý 2021
1556

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Diýarymyzyň çar ýany bagy-bossanlyga öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen, Garagum etrap häkimligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesi bilelikde dürli hünär bäsleşiklerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we Garagum etrap häkimliginiň bilelikde guramaklarynda etrabyň bagban kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda «Ussat bagban» ady bilen bäsleşik geçirildi. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bagbanlaryň bäsleşigine etrabyň daýhan birleşikleri bilen şertnama baglaşyp, azyndan 2 gektar ýerde saýaly hem miweli baglary ösdürip ýetişdiren kärendeçiler gatnaşdylar.

Gandym ORAZOW,
TKA-nyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.