Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugry

27 Maý 2021
1462

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda tebigaty goramak, ony bagy-bossanlyga öwürmek hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça uly işler geçirilýär, degişli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghana çäklerinde ygtybarly goralýar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýelemek hem-de BMG-niň binýat goýujy tebigaty goraýyş boýunça ylalaşyklaryny tassyklamak bilen, möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdine, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreş babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek esasynda suw we oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.