Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

18 Maý 2021
1586

Ynsan saglygy üçin arassa agyz suwy ilkinji zerurlyk bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işinde hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Bu asylly iş hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Halkymyz suwa dirilik çeşmesi, tebigatyň aýratyn gudraty hökmünde garap, ony bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyrlar, her damjasyny altyna deňäpdirler. Süýji suwy almagyň özboluşly usullaryny döreden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýýarys. Dag eteklerinde süýji ýerasty suwlary çykarmak üçin ýeriň astyndan gazylan, birnäçe kilometre uzalyp gidýän kärizler, Garagumuň jümmüşinde goýun sürülerini we çarwa obalaryny ýylyň bütin dowamynda suw bilen üpjün edýän guýular, takyrlardaky kaklar we howanyň jöwzaly yssysynda buz ýaly suwly sardobalar türkmenleriň ata-babalarynyň ussatlygynyň, edermenliginiň we zähmetsöýerliginiň, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň nyşanydyr.

Allanur TÖRÄÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.