Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!

18 Maý 2021
1468

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň saglygy hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda her bir adamyň mynasyp dynç almagy, saglygyny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygy Gahryman Arkadagymyzyň baş taglymatlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen, mähriban Diýarymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler däbe öwrüldi. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatdaky ählumumy tagallalaryň biziň ýurdumyzda-da giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.