Belentden ýaňlanýan owazlar

17 Maý 2021
1522

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde «Ak şäherim Aşgabat tämiz geljegi nazarlaýan — bagtyýar şäher» atly dabaraly ekologiýa çäresi geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan dabara Büzmeýin etrap häkimligi tarapyndan guraldy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çärelere giň gerim berildi. Oňa Aşgabadyň ähli ýaşaýjylarynyň agzybirlik bilen gatnaşýandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde barha gözel keşbe eýe bolýan ak şäherimiziň bu gün dünýäniň öňdebaryjy, ösen şäherleriniň hataryna okgunly goşulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Aşgabat diňe bir kämil binagärlik aýratynlygy bilen däl, eýsem, ekologiýa howpsuzlygynyň bähbidine ençeme möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän, bagy-bossanlyga bürenen şäher hökmünde hem giňden meşhurdyr. Onuň ak mermere beslenen ajaýyp keşbi tebigatyň ýaşyl dünýäsi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bular hakynda dabarada guralan çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi.

Ýörite habarçymyz.