Ekologiýa abadançylygy

11 Maý 2021
2245

Häzirki wagtda dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Adamzat durmuşy we halk hojalygy üçin iň wajyp tebigy baýlyklaryň biri-de suwdur. Şonuň üçin ähli suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak iň derwaýys meseledir. Dünýäniň ummanlary, deňizleri, derýalary, kölleri we dürli görnüşli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi ýaşaýşyň gönezligidir. Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny we olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Hormatly

Prezidentimiz ýakynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi we inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşlygyň barşynda oba senagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we suw hojalyk ulgamynyň meselelerine ünsi çekmegi hem bu ugurdaky wezipeleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Akgül BAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.