Ekologiýa — Ýaşaýşyň çeşmesi

10 Maý 2021
1457

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri, ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy babatda ýadawsyz alada edýän hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabatda amala aşyrylýan beýik işler bu günki gün uly üstünliklere beslenýär. Ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda özüniň gür baglygy, täsin al-elwan gülleri bilen has meşhurdyr. Geçen şenbe we ýekşenbe günleri mähriban paýtagtymyzy iň owadan, ýakymly ysly ter güller bilen bezemek ugrunda paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň we bagçylyk müdirlikleriniň gülçi bagbanlary köçeleri, şaýollary, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerlerini biri-birinden owadan ter güller bilen bezemäge uly goşant goşdular. Şunuň netijesinde oturdylan müňlerçe düýp ter güller mähriban paýtagtymyzyň gözellik dünýäsine älemgoşar öwüşginlerini çaýdy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, şol sanda saglygy goraýyş edaralarynyň zähmetsöýer işgärleri, ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şol sanda orta mekdepleriň mugallymlary, okuwçylary paýtagtymyzyň arassa, abadan we owadan bolmagyna yhlasly goşant goşdular.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».