Baglyga bürenýär güneşli Diýar

21 Aprel 2021
1695

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysy ekiler. Bu iş eýýäm giň gerimde dowam edýär. Biz hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren döwrebap mekdebinde ýaşlara bilim we terbiýe bermek bilen birlikde dürli miweli, saýaly hem-de pürli daragtlary, üzüm nahallaryny ekmäge işjeň gatnaşýarys. Mekdebimiziň daş-töweregi hem baglyga öwrülip barýar. Baglar howany tämizleýär, tebigatyň görküne görk goşýar. Bu bolsa saglyk üçin hem peýdalydyr. Üstesine, bag ekip, watançylyk hereketine goşulmakdan alýan lezzetiň ruhuňa-da oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň we edara ediş binalarynyň daş-töwereklerinde, köçeleriň ugrunda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Suwaryş ýaplary arassalanylýar, daragtlar oturdylýar, öňden ösüp oturanlaryna ideg edilýär. Täze baglar döreýär.

Aýdogdy HÜSEÝINOW,
Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.