Ýokary guramaçylyk bilen

19 Aprel 2021
1512

welaýatymyzda köpçülikleýin ýowar geçirildi

Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny toýlamaga uludan taýýarlyk görülýär. Şu şanly seneleri baýram etmäge taýýarlygyň çäklerinde obadyr şäherlerimizde daş-töweregi abadanlaşdyrmak, baglara timar bermek işlerine hem giň gerim berilýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni şu maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ýowar geçirildi. Bu il-ýurt bähbitli çärä hormatly Prezidentimiziň hut özi gatnaşyp, watandaşlarymyza şahsy göreldesini görkezdi.

Myrat BAGŞYÝEW.