Bagtyýar geljegimiziň gözbaşy

29 Mart 2021
1703

Ekologiýa, daşky gurşawy arassa saklamak, ilatyň saglygyny goramak babatynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi syýasatyň oňyn häsiýete eýedigini, ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini aňladýar.

Il-halkymyzyň şu güni hem ertiri barada irginsiz aladalanýan hormatly Prezidentimiz tebigatymyzy ulanylan polimer we plastik galyndylar zerarly döreýän zyýandan goramak meselesini hem ünsden düşürmeýär. Bu babatda ýörite «Daşky gurşawy arassa saklamak we ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, polimer we plastik materiallary ulanmak we olardan emele gelýän galyndylary toplamak we gaýtadan işlemek boýunça 2019 — 2022-nji ýyllar üçin Pudagara meýilnama» düzülip, onda bu ugurda amala aşyrylmaly çäreler bellenildi. Diýarymyzda dürli hojalyklarda ulanylan polimer we plastik materiallardan emele gelýän galyndylary toplap, gaýtadan işleýän kärhanalaryň birnäçesi işleýär.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».