Daşky gurşawda durnuklylygy döredýän başlangyçlar

29 Mart 2021
1672

Türkmenistan daşky gurşawy goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, bu ugurda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Dürli ýurtlardan esasy hünärmenleri — ekologlary, tokaýçylary, bilermenleri we alymlary Aşgabada yzygiderli ýygnaýan maslahatlar ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamak, adamlaryň saglygyny üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlygyň anyk mysaly bolup durýar. Hakykatda Aşgabat şäheri halkara derejesinde ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa boýunça halkara ylmy maslahatlardyr, duşuşyklar we sergiler yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda hem şeýle maslahatlaryň ençemesi geçirildi. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, milli seýilgähleri döretmegiň mümkinçilikleri, tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, energiýanyň alternatiw ornuny tutýan çeşmelerini peýdalanmak meseleleri we beýleki ençeme möhüm meseleler gozgaldy. Şeýle hyzmatdaşlyklar öz gözbaşyny milli Liderimiziň taryhy işlerinden alyp gaýdýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parasatly başlangyçlary daşky gurşawyň elmydama durnukly ýagdaýda bolmagyny döredýär.

Nursoltan TAŇYRBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.