Tebigata yhlas — Watana söýgi

21 Mart 2021
1765

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça miweli we saýaly agaç nahallarynyň 30 million düýbüni oturtmak baradaky beýik başlangyjy ählihalk joşgunyny döretdi, nurana eýýamymyzy asylly zähmeti bilen beýgeltmek, arassa yhlasy bilen has-da gözelleşdirmek bagtyna eýe bolan agzybir halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Bir günüň dowamynda edilmeli iş säher bilen, bütin bir ýyla niýetlenilen iş bahar bilen başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň gül-gülüstan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça täze başlangyçlary beýiklere mynasyp döredijilik kuwwaty bilen rowaçlanýar.

Düýn milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýazky bag ekiş möwsümi badalga aldy, sogaba baý bu döwletli iş täzelenmek, özgertmek, döretmek hem gurmak gözelligi bilen görklenýän ýurdumyzyň bagt baharyna gaýtalanmajak gözellik eçildi.

Surata düşürenler Andreý PAKULOW, Şamyrat AMADOW.