Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna — 30 million daragt

20 Mart 2021
1431

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak işleriniň ýazky tapgyryna başlangyç berildi. Ildeşlerimiz bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeňlik bilen goşulýarlar. Şu gün Milli bahar baýramynyň öň ýanynda hem olar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşarlar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda ekilmegi maksat edinilen daragtlaryň 30 million sanysynyň ilkinjileri topraga köklerini urarlar. Daragt nahallarynyň müňlerçesi ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň we söýgüsiniň nyşany bolup ösüp ugrar. Ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysy ekilip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralary bilen utgaşar.

Haýdar  MAMEDOW,
welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň başlygy:

Ilmyrat DÖWLETOW,