Ýeriň ýaşyl ýaraşygy

19 Mart 2021
1653

Ýanýoda bilen ýöräp barşyma pikirlerim bir monjuga düzüldi: ýanýoda! Onuň gyrasyny jähekläp oturan baglar. Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek barada gol çeken Karary...

Ynha, ýaşyl begres geýnen baglar. Olar seni ilki bilen, çagalyk dünýäsine atarýar. Bu her kimiň dünýäsiniň çagalykdan başlanýandygy üçin bolsa gerek. Hawa, biziň haýsy birimiz ýaşyl baglaryň saýasynda oýnamandyk?! Biziň haýsy birimiz baglaryň çybygyndan at ýasanyp, iki ýana ylgamandyk?! Ýa soňra olaryň salkyn saýasyna düşek atyp, çaý içmändik? Şol wagt baglary kimiň ekendigi bizi gyzyklandyrmadyk bolmagy-da ahmal. Käwagt jogap diňe sowal ýüze çykan wagty gözlenýär ahbetin!

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».