Sagdyn ýaşaýşyň goragynda

10 Mart 2021
1225

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtly ýaşaýşymyz üçin döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, gözel tebigatymyzyň, daşky gurşawyň, ekologiýanyň arassalygyny gazanmak biziň her birimiz üçin derwaýys wezipe bolup durýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi iş ýüzünde doly hereket etmegi tebigatyň ygtybarly goraglylygyndan habar berýär. Olaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Bilim işgärleriniň esasy wezipesi hem geljekde ekologiýanyň arassalygyny gazanmaklyga mynasyp goşant goşjak ýaşlary ýetişdirmekden we olarda tebigata bolan söýgini döretmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini daş-töweregimize bezeg bolup duran hoşboý ysly gül-gunçalaryň, baglaryň mysalynda hem görmek bolýar. Ýylyň-ýylyna ösüp oturan baglaryň üstüniň ýetirilip, tokaý meýdanlarynyň çäkleriniň giňeldilmegi bolsa buýsandyryjy hakykatdyr. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasyna işjeň gatnaşyp, bag ekmek işine goşandymyzy goşýandygymyza begenjimiziň çägi ýok. Ynsan eli bilen ekilen agaç nahallary boý alyp, ata Watanymyzyň gözelligine has-da görk goşar. Gök öwüsýän baglar adamyň saglygyny dikeltmekde we howany kislorod bilen baýlaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Begenç GULLYÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň biologiýa we ekologiýa mugallymy.