Türgenler barha kämilleşýärler

22 Fewral 2021
1450

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmek adamyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna, ukyp-başarnygyny açyp görkezmegine ýardam edýär. Bu ugurda milli Liderimiz biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir.

Sport mekdebimizde hem ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, barha kämilleşmekleri üçin oňat şert-mümkinçilikler döredilendir. Olardan ýerlikli peýdalanylyp, geçen ýylyň dowamynda türgenlerimiz şäher, welaýat we ýurt boýunça geçirilen sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşdylar.

Wagif MÄMMEDOW,
Türkmenbaşy şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.