Gulan hakynda

10 Fewral 2021
3400

Gulanlar täktoýnaklylar toparynyň gylýallar maşgalasyna degişli bolup, toýunsow, çägesöw toprakly düzlüklerde, ýarymçöllerde, dag eteklerinde ýaşaýarlar. Biziň ýurdumyzda olar esasan, Bathyzda, günbatar Köpetdagda, Sarygamyş kölüniň töwereklerinde gabat gelýärler.

Gulan daşky görnüşi boýunça ýaba meňzeşdir. Onuň bedeniniň uzynlygy 205 — 240 santimetr, agramy 200 — 350 kilogram aralygynda bolýar. Gulanlar howp abananda dessine gaçmak bilen bolýarlar. Eger muňa ýetişmeseler duşmanyna garşy göreşe taýýar ýagdaýyna geçýärler, hatda onuň üstüne hem topulýarlar.

Rahatbaý HASANOW,
bilim işgäri.