Gahrymançylyga ýugrulan eser

7 Fewral 2021
1478

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şygarynda uly many, mukaddeslik jemlenendir. Watanyň mukaddes bolşy ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak hem biziň üçin mukaddesdir. Parahatçylyk düşünjesi öz gözbaşyny gadymdan alyp gelýär. Ol halk dessanlarymyzdyr eposlarymyzdan, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan hem eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň her bir meseläni parahatlyk, birek-birege ynanyşmak ýoly bilen çözmäge çalyşýandygyna akyl ýetirmek kyn däl. Muňa Şükür bagşynyň ykbaly-da aýdyň mysal bolup biler.

«Şükür bagşy» çeper filmine tomaşa eden her bir adam, ozal telim gaýta gören hem bolsa, aňynda ýaňadan watançylyk duýgusynyň oýanandygyny duýman galýar. Çünki uzak gijeläp saz çalýan Şükür bagşynyň mukamynda jady bar, edil şonuň ýaly-da geljege umyt duýulýar. «At-ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?!». Bu sowaly öz-özüne beren Şükür bagşy, oňa düýrmegi bilen ynanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda eseriň şu wakasyna aýratyn üns berlip: «Men Nurmyrat Saryhanowyň hakyky halky häsiýete eýe edip genilik bilen döreden keşbine — Şükür bagşynyň keşbine ýüzlendim. Onuň taryhy filmde örän ussatlyk bilen beýan edilipdir. Edebi gahryman bolsa, hakyky durmuşa has hem ýakynlaşdyrylypdyr. Bu — parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň, diplomatyň keşbi. Bu ýerde gürrüň meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek barada barýar» diýilýär.

Akmeňli ANNAGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.