Olimpiýa şäherçesi — Aşgabadyň göwher gaşy

5 Fewral 2021
1649

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar bilen geçýän ýylymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň welosiped sportuny ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň dabaralary bilen sazlaşýan bu taryhy sport ýaryşlarynyň ak şäherimizde geçirilmegi türkmen paýtagtynyň şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Aşgabadyň öň hem dünýäniň welosiped sporty boýunça taryhy wakalar bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alnanlygy hemmämize mälimdir.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän 6 müň orunlyk döwrebap Welotrek merkezi hereket edýär. Sportuň şu görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde meýilleşdirilýän bu merkez binagärlik aýratynlygy, ajaýyp şertleri, türgenleşmek üçin döwrebap enjamlary we amatly mümkinçilikleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzda «Welosiped» binasynyň döredilmegi hem öňdengörüji milli Liderimiziň sportuň şu görnüşini ösdürmekdäki ajaýyp tagallalarynyň biridir.

Muhammetnazar MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.