Türkmen Lideriniň halklary parahatçylyga we ynanyşmaga alyp barýan pähim-paýhasy

5 Fewral 2021
1746

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Ählumumy ugurda netijeli we deňeçer gatnaşyklary ýola goýmagyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dikeltmegiň we ony tassyklamagyň wajypdygyna düşünip, ýurdumyz 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi» diýip, bu şygaryň nä derejede ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we biziň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletiniň öz ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde mynasyp orna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şu hakykat halkymyzyň geçen taryhy ýoly bilen kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, biziň ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, halklaryň biri-birine ynamly gatnaşyklaryny döreden bolsalar, öz durmuşynyň kyn, galagoply döwürlerinde dartgynly ýagdaýlary gepleşikleriň, parahatçylykly ýollaryň, ynanyşmagyň üsti bilen çözüpdirler we parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pähim-paýhas esasyny kemala getiripdirler.

Nurýagdy SUWHANOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.