Sagdyn ýaşaýşyň we sportuň täze belentliklerini nazarlap

2 Fewral 2021
1720

Ozal habar berlişi ýaly, 22-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sportdur bedenterbiýäniň taryhda görlüp-eşidilmedik derejedäki ösüşlere eýe bolandygyna ählimiz şaýat. Ýetilen sepgitlerde işleriň oýlanyşykly, maksatnamalaýyn ýola goýulmagynyň aýratyn uly paýy bar. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülen täze, bäşýyllyk Maksatnama we ondan gelip çykýan Meýilnama bu tutumlary mundan beýläk hem dowam etdirmegiň esasy çelgisi bolar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».