Sazda jadyly güýç bar

1 Fewral 2021
1691

Saz ynsanyň gülden näzik göwnüni göterýän jadyly bir gudratdyr. Ynsan şatlykly owaza şatlanýar, mylaýym heňe rahatlanýar, gaýgyly sazy diňlände gussa çümýär, sebäbi aýdym-saz ýürege baryp ýetýär.

Men hem saz sungatyny öz ykbalymda, durmuşymda ýörelge edindim. Saza bolan höwes çagalygymdan başlandy. Entek orta mekdebiň okuwçysykam, il içinde Kömek sazanda diýlip tanalýan agamyň elimden tutup, Serdar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň bosagasyndan ätledendigi ýadyma düşýär. Bu aýdym-saz ojagy meni mähir bilen garşylady. Men fortepiano bölüminde okap, özüme saz çalmagyň inçe tilsimlerini öwreden, yhlas bilen tälim beren mugallymlarymdan sapak aldym, köp zatlary öwrendim.

Aýbölek GURBANMÄMMEDOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.