Halypadan tälim alan gyjakçy

1 Fewral 2021
1488

Golaýda goňşymyzyň Watan öňünde mukaddes gulluk borjuny berjaý edip gelen ogluny gutlamaga gelen Berdi gyjakçy bilen bir saçakda oturmaklyk miýesser etdi. Ony mekdep ýyllarymdan bäri tanaýaryn. Ýoldaş bolup, sapara giden wagtlarymyz hem köp boldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ikimiziň gürrüňimiz aýdym-saza, sungat älemine syrykdy. Şonda men Berdi gyjakçynyň ilkinji synagdan geçişi baradaky bir ýatlamamy özüne gürrüň berdim.

Bu waka 1972-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda bolupdy. Ýurdumyz boýunça geçirilýän festiwala etrapdan gatnaşmaly zehinli ýaşlaryň 10 — 12-siniň sanawy düzülipdi. Etrap ýaşlar guramasynyň başlygy hökmünde meni topara ýolbaşçy edip belläpdiler. Bu jogapkärli wezipä hötde gelmeklik üçin, her gün işiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow bilen bilelikde ýaşlaryň taýýarlygyny gözden geçirýärdik.

Hudaýnazar GODANOW,
Etrek etraby.