Oba durmuşynyň aýdymçysy

1 Fewral 2021
1871

Bütin ömrüni diýen ýaly obada ýaşap, döredijiligini oba durmuşy bilen baglanyşdyran ýazyjy Amanny Ataýewiň şeýle bir pelsepesi bardy: “Eger, men ýazyjy boljak bolsam, onda obada-da bolup bilerin, eger-de men ýazyjy bolup bilmejek bolsam, maňa şäherde ýaşamagyň peýdasy näme?” Şu pelsepesine-de ol çyn ýürekden uýdy. Ol özüniň iň oňat eserlerini obada döretdi. Onuň öz döwründe aýratyn kitap bolup çykan “Açyş”, “Äpet adam”, “Ulugyz” ýaly ýygyndylaryndan çen tutsaňam, ol türkmen edebiýatynda oba durmuşyny psihologik yzarlamalar arkaly şöhlelendirmegi başaran ýazyjy. Ol haýsy temada galam işledende- -de wakalar oba adamlarynyň häsiýeti, edim-gylymy, olaryň töwerekde bolýan wakalara bolan garaýyşlary bilen utgaşykly beýan edilýär. Hut, şu jähetdenem, onuň ähli eserini oba durmuşyndan ýazylan eser hökmünde kabul edýärsiň. Hut, şu jähetdenem oňa oba durmuşynyň aýdymçysy diýmek gelişýär.

Onuň diňe ýaşaýşy ýa-da döredijiligi däl, eýsem, tutuş durky, häsiýeti, gep urşy, geýnişi, hatda ýöreýşem oba bilen, oba häsiýeti bilen baglanyşykly. Ýogsam, ol Aşgabatda bäş ýyl okap, ondan ozalam üç ýyl Orsýetiň uzak şäherlerinde harby gullukda bolup, şäher durmuşyna ýagşy öwrenişerçe bolan adam. Şonda--da ol uniwersiteti tamamlap, diplomyny jübüsine salaga-da, niredesiň dogduk depäm diýip ýola düşüpdi. Ýogsam, beýleki ýazyp-bozýan ýoldaşlary ýaly, ol Aşgabatda gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda galybam işläp bilýärdi. Ýöne mähriban höwürtgesi — eziz obasy barka, uly-uly şäherler onuň gözüne görünmedi.