Sazandalar maşgalasy

1 Fewral 2021
1767

Meşhur bagşy Sary bagşynyň we onuň ogly Pürli Saryýewiň we ýene birnäçe halypa sazandalaryň aýtmaklaryna görä, türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan, XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Ilkibaşda ony arap, hindi ýurtlaryndan getirilen kokos hozundan, suwkädiden ýasapdyrlar, soňra tut agajynyň içini köwüp ýasandyklary barada halypalar gürrüň berýärler.

Etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebimizde ýaş nesle saz sungatyny öwretmekde uly tagallalar edilýär. Bu ýerde çagalaryň saýlan ugurlary boýunça bilim alyp, kämilleşmekleri üçin ähli şertler bar. Mekdebimizde Begenç Myradow halypalyga ýetişen tejribeli mugallymlaryň biri bolup, ol gyjak hünärinden bilim berýär. 1989-njy ýylda Sakarçäge etrap çagalar sungat mekdebine gyjak hünäri boýunça okuwa giren Begenç özüniň ukyp-başarnygyny äşgär edýär. Ýaş oglanyň aýratyn zehinine üns beren halypa mugallym Çary Karaýew oňa ýakyndan goldaw-ýardam berýär. Begenjiň saz sungatynyň uç-gyraksyz älemine içgin aralaşmagyna halypalyk edýär. Kämilligiň ýoluny ynamly külterläp başlan B. Myradow 1994-nji ýylda Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Gyjak çalmagyň inçe syrlaryny ykjam ele alýar, kämilleşýär. Mekdepde B. Myradowa tejribeli mugallymlar Agamyrat Jumaýew, Nurmyrat Babaýew halypalyk edip, onuň ukyp-başarnygynyň ýokarlanmagyna goldaw-ýardam berýärler.