Watanym garaşsyz, ilim bagtyýar

30 Ýanwar 2021
1706

Aýdyň, ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip at berlen üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. Seriňi buýsançdan doldurýan, kalbyňy mähir-muhabbete besleýän bu şanly sene her bir türkmenistanly üçin günleriň iň zyýadasydyr. Bu şöhratly sene ata-babalarymyzyň asyrlarboýy garaşsyzlyk, özbaşdaklyk ugrunda eden arzuw-umytlarynyň myrat tapmasydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda keramatly topragymyzda Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy ýazylýar. Asyrlara barabar döwletli tutumlar, içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini giňden dabaralandyrmaga, ony täze zähmet ýeňişlerine beslemäge giň ýol açýar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesini hem-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini giňden açyp görkezmek şolaryň ileri tutulýan ugrudyr. Munuň özi ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň aýry-aýry ugurlarynyň öňünde jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Medeniýet toplumyna degişli edaralaryň işiniň meýilnamalaýyn esasda guralmagy, häzirki döwrüň talaplaryndan oňat baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek üçin döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy işleri ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýmagyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, medeniýet ulgamyna degişli edaralarda häzirki günlerden başlap, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar.

Annagül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.