Ýüzmäge ökde guş

29 Ýanwar 2021
2577

Pingwinler ýüzmäge ökde, ýöne uçup bilmeýän täsin guşlaryň biridir. Bu guşlaryň Ýer şarynyň günorta polýusynda hem-de Ýer togalagynyň ekwatorynda ýaşaýan görnüşleri hem bar. Pingwinleriň Antarktikada ýaşaýan görnüşleri wagtynyň köp bölegini suwda geçirýärler. Bu jandarlar sowugy halaýan hem bolsalar, aşa sowukda üşeýärler. Şeýle ýagdaýda ýüzlerçe agzasy bolan guş sürüsi bir ýere jemlenip, bir ýerde durmak arkaly ýylanýarlar. Süriniň daş tarapynda duran pingwinler iç tarapdakylar bilen ýerlerini yzygiderli çalyşýarlar. Ak-gara reňkli jandarlaryň ýelekleriniň aşagynda ýag gatlagy bolýar. Bu ýag gatlagy hem olary sowukdan goraýar hem-de ýüzenlerinde suw geçirmän, ýeňillik döredýär. Olaryň gara we ak reňkleri ýyrtyjy jandarlardan goranmaga kömek edýär. Gury ýerde olaryň gözi uzakdan görmeýär, ýöne suwuň aşagyndaka has gowy görýär. Pingwinleriň iň ulusy hasaplanýan imperator pingwinleri özlerine höwürtge ýasanmaýarlar. Bu guşlaryň käbir görnüşi gury ýerde daşlardan höwürtge ýasanýarlar. Aýaklary gysgajyk bolansoň, bu guşlar ikibakan yranyp, moýmuldap ýöreýärler. Olaryň iň täsin häsiýetleriniň biri hem ýüzenlerinde diňe bir ganatyny gezekleşdirip ulanýarlar. Pingwinler aw etmek üçin suwuň çuňluklaryna çümýärler. Adatça, 100-200 metr çuňluga çümýän hem bolsalar, kähalatda 500 metre çenli suwuň aşagyna gidýärler.

Pingwinleriň jemi 18 görnüşi bolup, olaryň diňe iki görnüşi Antarktikada, ýagny günorta polýusyň töwereklerinde ýaşaýar. Bu jandarlaryň Gumboldt atly görnüşi bolsa, Günorta Amerikada, Çiliniň we Perunyň kenarýakalarynda ýaşaýar. Bu guşlaryň ýaşaýan ýeri Antarktika görä has ýyly bolansoň, olaryň peri we ýagy beýleki görnüşlerindäkiden az bolýar. Bu pingwinleriň boýy 60 — 68 santimetr, agramy 3 — 5 kilogram aralygynda bolup, 15 — 20 ýyl töwregi ýaşaýar. Olar kiçiräk balyklar we beýleki ownuk deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Olar aw etmek üçin deňziň 26 metr çuňlugyna gysga wagtda çümüp bilýärler. Kähalatlarda 55 metre çenli çümýärler. Bu jandarlar haýwanat baglarynda hem saklamaga amatlydyr. Pingwiniň dürli görnüşleri Antarktikadan başga-da, Täze Zelandiýada, Awstraliýada, Afrikada, Günorta Amerikada we Demirgazyk ýarym şardaky az sanly adalarda ýaşaýar.

Tirkeş GUZUÇYÝEW,
Görogly etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.