Üns beriň, bäsleşik!

29 Ýanwar 2021
2359

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi, «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde iň gowy makalalaryň we goşgularyň, dürli žanrlarda ýazylan eserleriň hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige döredijilik işgärleri bilen bir hatarda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiz gatnaşyp bilerler.