Şanly ýyla bagyşlandy

24 Ýanwar 2021
1026

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga boldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralan dabara etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärler gatnaşdylar.

Dabarany etrabyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa açyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň etdi. Ol çykyşynda geçen, 2020-nji ýylda eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitleri hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdi.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy. SURATLARDA: dabaradan pursatlar.