Ykbala öwrülen sungat ýodasy

21 Ýanwar 2021
2125

Ýürekde şineläp, kalpda kemala gelen islendik iş sungat derejesine ýetirilip biler. Eýsem, biziň döredýän eserlerimiziň isle saz, isle şygyr ýa aýdym bolsun, parhy ýok, hemmejesi-de ýüreklere barýan inçe ýodalary yzarlaýandyr. Ýöne bizi saz älemine aralaşdyrýan ajaýyp mukamlary diňläp, olardan lezzet alýarkak, şol jadyly owazyň döreýiş çuňluklarynyň nirelerden gözbaş alyp gaýdýandygy welin, iňňän az oýlandyrýar. Saz döretmegiň ilkinji basgançagyny goýmaga çagyrýan solfejio dersi barada eşideniňde, «Munça ýyllap bihal ýaşapdyryn, bar gören-eşidenlerimi bir gyra süýşüräýmeli boldum» diýip, içiňden pikir ýüwürdeniňi-de duýman galýarsyň. Aýratynam, solfejio sapagynda nazary bilimleri tutuş barlygy bilen öwredip, okuwçylarynyň saz äleminiň ilkinji basgançaklaryna aralaşmagynda yhlasyny gaýgyrmaýan tejribeli mugallym Dilarom Karýagdyýewa bilen bolan duşuşykdan soň, bu ugurda kän zatlara göz ýetirmek bolýar.

Orta boýludan ak ýüzli, inçemik göwresi güler ýüzüne gelşik berip duran, mähirliden hoştap häsiýetli zenan bilen söhbedimiz bizi saz äleminiň çuňluklaryna aralaşdyrdy...

Aýnabat NAZAROWA.